JEMGYÝET

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň jemleri boýunça täze baýragyň döredilýändigini özüniň resmi saýtynda habar berdi.

Degişli ylalaşyk Dubaýyň sport geňeşi bilen bilelikde gazanyldy. Ol 2026-njy ýyldan başlap güýje girer we FIFA-nyň ýylyň dowamynda meýdançada hem-de meýdançanyň daşynda iň gowy oýunçylary sylaglaýan ýeke-täk her ýylky baýragy bolar.

“Biz dünýä derejesinde futboly ösdürmek üçin futbol bilen ýaşaýan we şondan dem alýan Dubaý şäheri bilen tagallalarymyzy birleşdirýändigimize şatdyrys. Bu dünýä futbol baýraklary diňe bir sylaglaýyş dabarasy bolman, eýsem futbolyň täsirini bellemek hem-de ýylyň resmi iň gowy oýunçylaryna meýdançada we onuň daşynda hormat goýmak üçin innowasion usul bolar” diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino aýtdy.

Mundan ozal FIFA 2016-njy ýylda esaslandyrylan “The Best FIFA Football Awards” baýragyny gowşuryp gelýärdi. Iň soňky baýrak gowşurylyş dabarasy dekabr aýynyň ortalarynda Dohada geçirildi. Geçen möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynyň hüjümçisi Usman Dembele ykrar edildi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas

Türkmenistan täze 2026-njy ýyly garşylady