DÜNÝÄ

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda paýtagtymyzda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we aýallaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy.

MDKG 3.0 — bu ýurduň gaýtadan seredilen Milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, ekspertler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) Ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça aýallary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky Ýol kartasynyň esaslary taýýarlanyldy.

«Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkidmäge mümkinçilik berdi. Biz aýallaryň baý tejribesiniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwrülmegine çalyşýarys. MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir» — diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmadowa garaýyşlaryny paýlaşdy.

«Ynamly Kepil» koworking merkezinde geçirilen bu çärä dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, şol sanda «Ýaş tebigatçy» guramasynyň işjeň agzalarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň ilaty soňky 10 ýylda 26 göterim artdy

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň III mejlisi geçirilýär