SPORT

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleýji, bäşinji tapgyrynyň çäginde geçiriljek duşuşykda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder. Iordaniýaly eminler toparynyň eminlik etjek duşuşygy Arkadag şäheriniň adybir stadionynda geçiriler.

Duşuşygyň baş eminligine FIFA derejeli emin Iordaniýaly Ahmad Ýakub Ibrahim bellenildi. Oňa kömekçi eminler hökmünde ildeşleri FIFA-nyň eminleri Hamza Abdelmajeed Ýunus bilen Gais Aýman Issa Hames ýardam ederler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini bolsa FIFA-nyň emini Mahmud Ahmad Mazin Alsawalmeh (Iordaniýa) bellenildi. Duşuşygyň gözegçi emininiň wezipesini hindistanly Pratap Singh, komissarynyň wezipesini bolsa Arunawa Bhattaçharýa (Hinidstan) ýeňine ýetirerler.

24-nji dekabrda geçiriljek bu duşuşyk ýerli wagt bilen 21:00-da başlanar.

Häzirki wagtda «Al-Ahli» (Katar) 7 utuk bilen “B” toparçasynda birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda — «Al-Haldiýa» (6 utuk). Üçünji orunda Özbegistanyň «Andijan» (5 utuk), dördünjide bolsa ýurdumyzyň «Arkadag» (4 utuk) toparlary ornaşdylar. Ýaryşyň utulan-çykdy tapgyryna toparçadan iki toparyň çykmaga mümkinçilik alýandygyny ýatladýarys.

Related posts

Lionel Messi Amerikada “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Neýmar hem Saud Arabystanyna gidýär

Ata Watan Eserleri