Türkmenistanyň 30 ýyl mundan ozal hemişelik bitaraplyk ugruny saýlap almagy esasan hem, Türkmenistanyň garaşsyz we özbaşdak döwlet hökmünde ösüşiniň strategiki ugruny kesgitledi, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forumda eden çykyşynda belläp geçdi.
– Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde-de, bütin dünýäde-de giň abraýa we hormata eýe bolan döwlet. Taryhy, medeni, ruhy baý mirasa daýanyp, Türkmenistan depginli ösýär, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we durmuş ulgamda öňegidişlik gazanýar. Siziň ýurduňyz giňişleýin oýlanyşykly daşary syýasat ýöredip, sebitleýin we halkara parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge uly goşant goşýar, dünýä işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek boýunça möhüm tagallalar edýär – diýip, Putin belledi.
Russiýanyň we Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy bilen köpugurly iri ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär, şol sanda Hazar we Merkezi Aziýa boýunça, demirgazyk–gungorta halkara ulag geçelgesiniň gurluşygy alnyp barylýar, sebitara gatnaşyklary güýçlenýär, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlary boýunça gatnaşyklary giňelýär. Şonuň üçin diňe bir zady aýtsak-da ýeterlikdir: häzirki wagtda Russiýada 54 müňden gowrak türkmenistanly talyp okaýar, diýip bellän Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygyny kabul etjekdigini belläp, bu babatda türkmenistanly kärdeşlerimize üstünlik arzuw edýärin we Russiýanyň ähli zerur kömegi berjekdigine ynandyrdy.
