JEMGYÝET

Putin: Russiýa Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge tagalla edýändiklerini belledi.

Wladimir Putin 2025-nji ýylyň 10 aýynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 35 göterim artandygyny belledi. Rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändiklerini belläp geçdi.

– 2025-nji ýylyň 10 aýynda söwdanyň möçberi 35 göterim artyp, geçen ýylyň tutuş döwrüne garanyňda hem köp boldy. Rus kompaniýalary türkmen bazarynda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Energetika, ulag we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkeýär – diýip, Putin belledi.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranda saparda bolýar

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2021-nji ýyl – baýramçylyklar we belli seneler

Ata Watan Eserleri