JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti 11-12-nji dekabrda Aşgabatda saparda bolar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda bolar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazak Lideri Aşgabada saparynyň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşar.

11-nji dekabrda Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurduna resmi sapar bilen baran Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany kabul eder. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian 10-njy dekabrda Astana şäherine resmi sapar bilen bardy.

Astanadaky duşuşyklar tamamlanandan soňra Gazagystanyň hem-de Eýranyň Prezidentleri Aşgabada gelerler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi