JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Katarda geçirilen Doha forumyna gatnaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.

Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilýän Doha forumy ählumumy meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda iri halkara platforma bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, foruma gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň häzirki wagtda tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetini belledi.

“Biz çagalarymyz üçin ýaşaýarys, geljekki nesilleriň abadan durmuşy üçin döredýäris we gurýarys. Halkymyz we döwletimiz çagalar üçin aýratyn alada edýär. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly: «Bal süýji, baldan bala süýji». «Çagalar biziň geljegimiz» diýlende, ýene bir nakyly göz öňünde tutýarys: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz». Halk döredijiliginiň bu ajaýyp pähimleri çagalar baradaky alada bilen ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşmegiň özara baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, çagalar baradaky alada we olary terbiýelemegiň däpleri ata-babalarymyzyň gadymy we baý mirasynyň hem-de halkymyzyň medeni özboluşlylygynyň esasy bölegini düzýär” diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda hem-de ahlak taýdan terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Şoňa görä-de, çagalary we ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýelemek, ilkinji nobatda, taryha, däp-dessurlara, ata-babalarymyzyň tejribesine, asyrlar aşyp gelýän ahlak ýörelgelerine esaslanýar. Inklýuziw ynsanperwer kömegini bermek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, kömegiň bu görnüşi hemaýata mätäç we mümkinçiligi çäkli adamlara ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmegi, olar üçin hemmeler bilen bir hatarda serişdelere we mümkinçiliklere elýeterliligi üpjün etmegi öz içine alýar.

Türkmenistanda bu ugurdaky döwlet syýasaty hyzmatlaryň elýeterliligini we uýgunlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Hökümeti döwlet we jemgyýetçilik serişdelerine, şol sanda bilime, ykdysady goldawa we hukuk goragyna elýeterliligi üpjün etmek arkaly deň mümkinçilikleri döretmek ugrunda iş alyp barýar. Döwletimiz tarapyndan çagalaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň hukuklary baradaky kanunçylygyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär.

Oguljahan Atabaýewanyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra mejlis sowal-jogap görnüşinde dowam etdi.

Alypbaryjy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentinden çagalar bilen baglanyşykly haýsy wezipäni Türkmenistan üçin strategik hasaplaýandygyny sorady.

— Çykyşymda beýan edilen ähli ugurlar Türkmenistan üçin strategik häsiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, eneligi, çagalygy goramagy we ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladany möhüm ugur hökmünde kesgitleýändigimizi bellemek isleýärin. Olara maksatnamalaýyn garaýyş Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary bilen gabat gelýär. Bu ileri tutulýan ugurlar diňe milli syýasatyň esasy ugry bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň özboluşlylygymyzyň kemala gelmegi üçin hem möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, biziň berk garaýyşlarymyzy nygtamak möhümdir, olaryň esasy mazmuny döwletiň maddy we intellektual serişdelerini ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki hem-de ruhy ösüşine goldaw bermek üçin ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu maksada ýetmek üçin Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we beýleki halkara institutlar, şeýle hem dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we sebit derejesinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Men şeýle maksatnamalaýyn çäreler tagallalarymyzy birleşdirmäge, tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem çagalaryň meselelerini çözmäge syýasy we diplomatik taýdan goldaw bermek, serişdeleri netijeli peýdalanmak üçin şertleri döredýär diýip hasaplaýaryn — diýip, Oguljahan Atabaýewa jogap berdi.

Soňra alypbaryjy haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri we onuň döredilmeginiň esasy maksady barada has giňişleýin gürrüň bermegi haýyş etdi.

— Gaznamyz 2021-nji ýylyň 29-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Gaznanyň maksady milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we ynsanperwerlik filosofiýasyna, halkymyzyň baý ruhy mirasyna esaslanýar. Şu ýyl biz gaznanyň dört ýyllygyny belledik, bu waka mynasybetli ýokary derejeli halkara maslahat geçirildi. Forumyň netijeleri gaznanyň işleriniň diňe bir milli derejede däl-de, eýsem, giň halkara bileleşik tarapyndan hem goldanylýandygyny görkezdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň binýady ynsanperwerlik, goldaw bermek we raýdaşlyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde, umumadamzat gymmatlyklary, parahatçylyk, rehimdarlyk we adalatlylyk taglymlary biziň ileri tutýan ugurlarymyz we esasy ýörelgelerimizdir. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň alyp barýan işleri çagalara goldaw bermek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek boýunça anyk maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Gürrüň lukmançylyk kömegi, ýokary hilli bilime elýeterlilik, sagdyn iýmitlenmek, ekologiýa abadançylygy we başga-da köp ugurlar barada barýar. Bu toplumlaýyn wezipedir. Haýyr-sahawat gaznasy bu wezipäni ýerine ýetirmekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Gaznamyz bu ugurda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar — diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder