SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

09-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                09-njy  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.  

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallar üçin hereketli hem-de jogapkärçilikli gün bolmagy mümkin. Iş ýeriňizde jogagkärçilikler döräp biler. Resminamalar ýa-da çözülmeli meseleler bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Şeýle hem öňde goýan maksatlaryňyza ýakynlaşmagyňyza mümkinçilikler dörär. Şahsy gatnaşyklarda ünslilik maslahat berilýär,nädogry aýdylan söz düşünişmezlige sebäp bolup biler.                 

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar  üçin bu gün sabyrlylyk  we ünsi talap edýän gündir. Işde dowam edýän taslamalara täzeden seretmek, ýalňyşlyklary düzetmek we işleri has tertipli alyp barmak zerur bolup biler. Birek-birek  bilen gatnaşyklarda adalatly we diplomatik bolmagyňyz size peýda getirer. Maşgala meseleleriňizi çözmek üçin mümkinçilikler  dörär.Maddy ýagdaýyňyz  durnukly bolsa-da, goşmaça çykdajylar hakynda seresap bolmak maslahat berilýär.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalar üçin maglumatlaryň hem-de täze teklipleriň günidir. Günüň dowamynda size garaşylmadyk bir mümkinçilik ýa-da özüňizi görkezmek üçin täze ýol peýda bolup biler. Işiňiz bilen baglanyşykly möhüm karary öz wagtynda bermek zerur. Adamlar bilen gatnaşyklaryňyzda sözleriňize aýratyn üns beriň  sizden maslahat soranlar köp bolup biler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar  üçin bu gün duýgurlyk we içki dünýä bilen baglanyşykly meseleler öňe çykyp biler.Saglygyňyza üns bermegiň wagty geldi. Işde ownuk-uşak meseleler  ýüze çykyp biler, ýöne siz olary rahatlyk bilen çözüp  bilersiňiz. Maddy taýdan seresaplylyk gerek. Günüň ikinji ýarymynda maşgalaňyz bilen baglanyşykly ýakymly habarlyň gelmegi ahtimaldyr.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetler  üçin bu gün resmi we jemgyýetçilik gatnaşyklary üçin amatly wagtda dowam edýär. Ähli möhüm gürrüňleri we duşuşyklary şu güne ýerleşdirip bilersiňiz. Işde size täze mümkinçilik döredip biljek adamlar bilen duşuşmak ähtimallygy bar. Şeýle hem  güniň dowamynda täze maglumatlaryň gelmegi mümkin. Şahsy gatnaşyklarda sabyrly bolmak maslahat berilýär.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün möhüm işleriňizi üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikler dörär. Resminama işleri, hasaplaşyklar ýa-da düýpli gepleşikler üçin amatly gün. Güniň ikinji ýarymynda saglygyňyza  üns bermegi we dynç almagy unutmaň. Gün ahyrynda  bolsa size ruhy rahatlyk getirjek wakalar  bolup biler.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar üçin deňagramlylyk talap edilýän gün. Karar bermeli ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şol sebäpli pikirlenip  hereket etmek örän wajypdyr. Maşgalaňyz bilen baglanyşykly möhüm habarlary  almagyňyz mümkin. Işde öňden bar bolan meseleleriňiz çözülmegi ähtimal. Güniň ikinji ýarymynda maddy ýagdaýyňyz durnukly bolar, has köp çykdajy edilmezlik maslahat berilýär.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün Akraplar üçin duýgularynyň  güýçlenýän güni. Käbir dartgynly pursatlar bolup biler, ýöne siziň akylly we sowatly çemeleşmegiňiz ähli kynçylyklardan üstünlikli çykmagyňyza ýardam eder. Uzak wagt bäri çözüp bilmeýän meseläňiz boýunça öňegidişliklere  garaşylýar. Şahsy gatnaşyklarda aragatnaşygyňyzy açyk we dogruçyl saklamaklyk maslahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar üçin bu gün täze mümkinçilikleriň açylýan güni bolup biler. Iş we resminamalar bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmek üçin amatly gün. Täze meýilnamalar döretmek, täze işe girişmek ýa-da hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri etmek üçin mümkinçilikler dörär.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu gün işe degişli meseleleriňiz ünsüňizi talap edip biler. Öý we maşgala bilen baglanyşykly meseleleriňizi durnuklaşdyrmak üçin amatly pursatlar dörär. Dost-ýarlaryňyzdan goldawlary  alyp bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Daluwlaryň  bu günki güni täsirli habarlar bilen başlap biler. Işde käbir täzelenmeler ýa-da ugur üýtgemeleri bolup biler. Şeýle hem ýakynlaryňyzyň kömegi bilen  çylşyrymly meseleleriňizi  ýeňil çözüp bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklaryňyzda diplomatik bolmak maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlar  üçin bu gün döredijilik we içki duýgy güýjüniň artýan güni. Iş ýeriňizde  size garaşylmadyk üstünlikleri gazanmagyňyz ýa-da täze mümkinçilikleriň  açylmagy mümkin.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyzyň goldawy size güýç berer.

Ýene-de okaň

12-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

10-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (08-nji-14-nji dekabr )

08-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

07-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama