JEMGYÝET

Türkmenistanda ykdysady ösüşi 6,3 göterim artdy

Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ösüş depgininiň senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar – noýabr aralygynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw dolanyşygy 13 göterim, söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 birža söwdasy geçirilip, olarda 27 müň 29 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 20 sergi, 9 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder