JEMGYÝET

Türkmenistanda 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklaryny tölemeklik bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeli barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturtdy

Ata Watan Eserleri

Awaza sammiti: Gyrgyzystanyň Prezidenti bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny we elektron söwda meýdançasyny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

“Eşretli Syýahat”: täze bahalar, täze mümkinçilikler

Ata Watan Eserleri