JEMGYÝET

Ses bilen işleýän kran

2020-nji ýyl… Entek bizde uçýan ýeňil awtoulagymyz ýok. Ýöne ýakynda biz suw krantlary bilen gürleşip bileris. “Moen” kompaniýasy hödürleýän “akylly kranyň”  kömegi bilen adamlar aşhana işlerini el degirmezden amala aşyryp bilerler. Bu akylly kran suwuň bir damjasyny hem zaýalaman ony tygşytly ulanmaga mümkinçilik berer.

Golaýda geçirilen “CES” tehnologiýa sergisinde “Moen” kompaniýasy hammada ulanyljak akylly enjamlary hödürläpdi. Bu akylly kranyň haçan öndürilip başlanjakygy barada heniz maglumat berilmedi.

Related posts

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Dünýäniň iň uzyn pyýada asma köprüsi açyldy

Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky geňeşmeler