Türkmenistan sebitde Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamyny birleşdirjek döwrebap infrastruktura döretmek üçin ulag mümkinçilikleriniň birleşdirilmegini goldaýar. Bu barada Türkmenistanyň demir ýol ulag ministri Mämmet Akmämmedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglylyk we ösüş – 2025» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
Ministriň bellemegine görä, ulag ulgamlaryny birleşdirmekde baş rol logistika kompaniýalaryna we birleşiklerine berler.
«Sebitara ulag gatnawlarynyň peýdalanylman galan mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistan Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşdyrylan we ýokary netijeli ulag birleşigine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar» diýip, Akmämmedow aýtdy.
Şu maksatlar bilen Türkmenistan hökümet derejesinde Merkezi Aziýa – Hazar-Gara deňiz sebiti arkaly Günorta Ýewropa çenli hem-de Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmek mümkinçiliklerini öwrenjek bäş ýurt tarapyndan iş toparyny döretmegi teklip etdi.
Ministriň bellemegine görä, Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň gündogar bilen günbatary, demirgazyk bilen günortany birleşdirýän ulag şahalaryny döretmek üçin geografik artykmaçlygy bar. Ýurt demirýol, awtoulag, howa gatnawlary we deňiz portlary ýaly ähli ulag pudaklaryna işjeň ýagdaýda maýa goýýar.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň durnukly ösüş ýörelgesine ygrarlydygyny we ulag ulgamynda ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýandygyny aýtdy.
Mysal hökmünde ministr Türkmenbaşy – Aşgabat – Mary – Türkmenabat demir ýol liniýasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şol çäkde ugaryň bir böleginiň elektrifikasiýa edilmegi boýunça alnyp barylýan taslamany görkezdi. Onuň aýtmagyna görä, bu çäre ekologik durnuklylygyň ýokarlandyrylmagyna hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalara gönükdirilen beýleki geçelgeleriň ösdürilmegine täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýardam eder.
