DÜNÝÄ

«Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Düýn ýagny 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Hormatly okyjylarymyz,

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň Owganystan bilen baglanşykly habarlarynyň linklerini aşakda Size ýetirýäris.

«Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

 

 

 

 

 

Related posts

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Özbek Prezidenti ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär