DÜNÝÄ

«Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Düýn ýagny 18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin geljekde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

Hormatly okyjylarymyz,

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň Owganystan bilen baglanşykly habarlarynyň linklerini aşakda Size ýetirýäris.

Türkmenistan: Owganystandaky wakalar üns merkezinde

Türkmenistan: türkmen-owgan serhedindäki gümrük nokatlary işleýär

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy