Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden Ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-horwat gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şeýle hem Parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlanmagynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy.