JEMGYÝET

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle maglumat 29-njy sentýabrda, Minsk şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde beýan edildi.

Duşuşygyň gün tertibi 14 meseläni öz içine aldy. Hökümet başlyklary ilki bilen kiçi formatda GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, GDA-nyň 2026-2035-nji ýyllar üçin Ylmy-tehnologiki ösüş strategiýasyny maslahatlaşdylar we tassykladylar.

Giňişleýin düzümde Geňeşiň agzalary GDA-a agza döwletleriň 2035-nji ýyla çenli döwür üçin tokaý hojalygy we tokaý senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygynyň Esasy ugurlaryna seretdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy