DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy.

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen mejlisiň öň ýanynda wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny surata düşürmek dabarasy boldy.

Mejlisde edilen çykyşlarda, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşine uly kanagatlanma bildirildi. Geçen ýylyň netijeleri boýunça GDA ýurtlarynyň jemi önüminiň (JIÖ) dünýäniň jemi içerki önümdäki paýy 4,4%-e ýetdi, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça bolsa özara söwdanyň möçberi 7 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Elbetde, bu görkezijiler Arkalaşygyň işjeň ösüş tapgyryna eýe bolýandygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldýändigini, ýeke-täk ykdysady giňişligi emele getirýändigini aýdyň görkezýär» diýlip, çykyşlarda bellenildi.

Sanly özgertmeler möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, mejlisde bu ugurdaky hödürlenen taslamalar boýunça pikir alyşmalar boldy.

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň çäklerinde 15 sany meselä seredildi, 20-den gowrak resminama we karara gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi