DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Azerbaýjanda geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlary Geňeşiniň 12-nji Sammiti 2025-nji ýylyň 6–7 oktýabrynda Azerbaýjanyň Gebele şäherinde “Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk” şygary astynda geçiriler.

Sammit TDG agza döwletleriniň hem-de synçy ýurtlarynyň hormatly döwlet we hökümet baştutanlaryny, ýokary derejeli wekiliýetlerini bir ýere jemläp, sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy berkitmäge, parahatçylygy we abadançylygy ilerletmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň kabul edilýän möhüm meýdançasy bolar.

Resmi maksatnamanyň çäginde Döwlet Baştutanlary Geňeşiniň duşuşygynyň öňüsyrasynda TDG daşary işler ministrleriniň geňeşiniň duşuşygy geçiriler.

Azerbaýjanyň taryhy şäheri Gebelede geçiriljek bu möhüm duşuşyk geçmiş bilen häzirki döwrüň utgaşmasyny alamatlandyryp, türki döwletleriniň arasynda dostlugy, doganlygy, jebisligi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge gönükdirilen umumy gözýetimi görkezýär.

Related posts

Dünýäniň iň garry agajy

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Gazak uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi