TEHNOLOGIÝA

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň karary bilen Jaslan Madiýew Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary — emeli aň we sanly ösüş ministri wezipesine bellenildi. Mundan ozal, ýurduň Mejlisiniň Komitetiniň ykdysady özgertmeler we sebit ösüşi boýunça geçirilen mejlisinde Jaslan Madiýewiň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary — emeli aň we sanly ösüş ministri wezipesine bellenmek üçin dalaşgärligi tassyklandy.

Jaslan Madiýew 1983-nji ýylyň 13-nji iýunynda Almaty şäherinde doguldy.

Bilimi

2015 — 2016 — Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) Sloane işewürlik mekdebi, işewürligi dolandyrmak magistri (MBA)
2006 — 2007 — Kolumbiýa Uniwersiteti, Halkara gatnaşyklary we döwlet dolandyryşy mekdebi, döwlet dolandyryşy magistri (MPA), ykdysady syýasaty dolandyrmak («Bolaşak» maksatnamasy boýunça)
2000 — 2004 — Al-Farabi adyndaky GazNU, dünýä ykdysadyýeti we halkara maliýe boýunça hünärmen

Related posts

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

Dünýäniň iň owadan ulagy

«Porche» 2022-nji ýylda täze görnüşli awtoulaglary hödürlär

Ata Watan Eserleri