DÜNÝÄ

Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrýar

Hytaý şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 2,87 milliard dollar bolan tebigy gazy satyn aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen bir ýarym esse ýokarydyr.

Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy habar berýär. 4 aýyň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazynyň 2,87 milliard dollarlyk möçberi Hytaýa iberildi. Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ýerlemekde ynamly ornuny saklap galýar.

Bu ugurda ikinji orny Russiýa (1.04 mlrd), üçünji orny bolsa Mýanma (405.1 mln) eýeleýär. Dördünji we bäşinji orunlary degişlilikde, goňşularymyz Gazagystan (270.6 mln) we Özbegistan (132.8 mln) eýeleýär.

Türkmen gazy Hytaýa 2009-njy ýylda ulanmaga berlen asyryň iň uly taslamasy bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly iberilýär.

Türkmenistan özüniň energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurt bazarlaryna ibermäge uly ähmiýet berýär.

 

Türkmen gazyny Gazagystana ibermek boýunça ylalaşyklar gazanyldy

 

Eýran türkmen gazyny Ermenistana ibermäge taýýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy