JEMGYÝET

Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyran Akhan atly meşhur bedewimiziň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar. Bu barada “Watan” habarlar gullugyna bellenilip geçildi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň maý aýynda başlamak we monumenti 2022-nji ýylyň dekabr aýynda doly taýýar edip tabşyrmak bellendi.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew çarpaýa galyp 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen atynyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine ýene bir aýdyň öwüşgin, onuň baky ýitmejek şöhratynyň öwüşgin atýan täjine ýene bir merjen goşdy.

 

 

Russiýanyň çempionaty tamamlandy: “Rubin” birinji liga düşdi

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

Türkmenistan bilen Gruziýa teatr we muzeý hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan-Gruziýa: 20-den gowrak resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy