DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumy geçirildi.

Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, konstruktiw we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmen tarapy bu guramanyň işjeň agzasy hökmünde, onuň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlerine yzygiderli gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy.

Agzalan foruma Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, YHG-nyň agza ýurtlarynyň Ilçileri, hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Çäräniň maksady YHG-nyň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady, tehnologiki we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna syn bermekden, şeýle hem Guramanyň ösüşiniň täze strategiýasyny taýýarlamak boýunça bilermenleriň tekliplerini işläp düzmekden ybarat boldy.

Şeýle hem forumyň çäklerinde üç sany ýöriteleşdirilen mejlis geçirildi. Olar «Sebitara aragatnaşyk we arabaglanyşyk», «YHG we täze tehnologiýalar» hem-de «ECO Vision 2035» atly mejlislerdir.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi