SIZDEN GELENLER

Halk Maslahaty – agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli demokratiýanyň dabaralanmagy halk bilen döwletiň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygyň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan gözbaş alýan tutumly işler täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar.

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meselelere garaldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda taryhy çykyş edip, öňde durýan möhüm wezipeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.

Halkymyzyň bagtyýarlygy üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, döwletimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde bu amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler bilen döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda eýelenýän belent sepgitler gözel ülkämiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Halkymyzyň abadan, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagyna  gönükdirilen asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.

Nurana geljegi nazarlaýan häzirki ajaýyp döwrümizde Halk Maslahatynyň esasy maksady we wezipesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetimizde halkymyzyň tekliplerini diňläp, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda netijeli işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda şöhratly taryhymyzda beýik işleri bitiren merdana ata-babalarymyzyň agzybirligi, bir döwletde jem bolup, bir supranyň başyna üýşüp, tutumly işleriň başyny başlamak babatyndaky milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Şeýle ynsanperwer, asylly ýörelgeleriň biziň häzirki günlerimizde dowam etdirilmegi döwletlilikden, döwletiň berkararlygyndan, jemgyýetiň jebisliginden nyşandyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Raýatlaryň isleg-arzuwlaryny, meselelerini öwrenmek we olar boýunça teklipleri taýýarlamak hem taýýarlyk işleriniň çäginde möhüm ähmiýete eýedir. Biz — jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri we Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhyny, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmäge işjeň gatnaşýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, ata-baba gelýän asylly ýörelgelere çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-günümiziň bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nursahat Mamedow,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy

Nebitgaz toplumynyň batly gadamlary

Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklar berkidilýär

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Beýik işler – halkyň bähbidine

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy