SIZDEN GELENLER

Döwletli tutumlara badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gadyr-gymmadyny beýgeldýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her taryhy wakasynyň il-ýurt bähbitli ugurlaryndan gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine giňişleýin düşündirmek häzirki wagtda ýokary guramaçylyk bilen alnyp barylýar. Esasan-da, ýurdumyzda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky kararnama degişli wagyz-nesihat we düşündiriş işleri işjeň dowam edýär.

Türkmen ili hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredijilikli zähmet çekip, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Dogrusy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarly üstümizdäki ýyl taryhy wakalary bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her mejlisi Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr. Onuň ýakynda, sentýabr aýynda boljak mejlisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriler, bu bolsa foruma aýratyn ähmiýet berýär.

Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy işe başlan pursadyndan başlap ileri tutulýan we esasy meseleleriň biri hökmünde ilat üçin eşretli durmuşy üpjün etmek diýip kesgitledi. Göz öňünde tutulan maksada ýetmek bolsa, ilkinji nobatda, durnukly we ösýän ykdysadyýete, şeýle hem halk hojalygynyň oba hojalygy we hyzmat pudagy ýaly beýleki pudaklaryna baglydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça milli hem döwlet maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Bu işiň oňyn netijeleri sebit we halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi berýän iri göwrümli taslamalarda aýdyň görkezilýär. Amatly tebigy we ykdysady şertler, daşary ýurtly maýadarlar üçin ýeňillikler we artykmaçlyklar ýurt üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty hem adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Halk Maslahatynyň häzirki wagtda alyp barýan işleri ýurdumyzyň ýokary derejede durmuş-ykdysady ösüşiniň täze, kämil mehanizmlerini döretmäge, bu işi netijeli dolandyrmaga, kanun çykaryjy we hukuk goldawyna we ýerine ýetiriji guramalaryň guramaçylyk esaslaryna gönükdirilendir. Munuň esasy maksady bolsa ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmek we her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekdir.

Halk hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenende ýurt berkarar bolup, döwür galkynýar. Döwür galkynsa, il-ýurt ýalkanýar. Bu beýik kämil garaýyşlar we başlangyçlar ady dünýä dolan Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tutumlarydyr başlangyçlary bolsa, il-halkymyzyň dilinde sena, kalbynda buýsanja öwrülýär.

Şemşat Meredowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy

Nebitgaz toplumynyň batly gadamlary

Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklar berkidilýär

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Beýik işler – halkyň bähbidine

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy