14-nji sentýabrda “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. “Kitap – ýeňşiň açary” diýlip atlandyrylan bäsleşige ýurdumyzyň günbatar sebitiniň kitapsöýüjileriniň 300-e golaýy gatnaşdy. Bu barada okuw merkezinde habar berdiler.
Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolup ýetişmegini gazanmak, olary kitap okamaga çekmek we ýatkeşligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşanlar Rahmet Gylyjowyň «Halallyk kyssalary» hem-de Kömek Kulyýewiň “Ömür kerweni” atly eserleri boýunça test ýumuşlaryny tabşyrdylar. Ýaryşyň şerti baradaky bildiriş okuw merkeziniň jemgyýetçilik torlardaky sahypalarynda paýlaşylypdy.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, birinji orna Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Hatyja Nurberdiýewa, ikinji orna şol mekdebiň okuwçysy Aziza Gulamowa, üçünji orna Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurjemal Nyýazmyradowa mynasyp bolmagy başardy.
“Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda kitap okamagyň wajyplygy barada giňişleýin durlup geçilýär. Çünki kitap ähli döwürlerde halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň, medeni we aň-paýhas ösüşiniň esasy guraly bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin kitabyň ähmiýeti uludyr” – diýlip, ýeňijileri sylaglamak dabarasynda nygtaldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy hem-de bu okuw merkezinde bilim almaklary üçin ýeňillikler döredildi.