TEHNOLOGIÝA

Aşgabatda sowadyjyly täze awtobuslar ýolagçylara hyzmat eder

Aşgabada uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly, üç gapyly, sowadyjyly ýolagçy awtobuslarynyň 700-si getirildi. Olar ýakyn günlerde paýtagt şäherde ýolagçylara hyzmat edip başlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze awtobuslaryň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Olarda ulag hyzmaty üçin töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.

Awtobusda ulaga münýän we ondan düşýän ýolagçylaryň hasabyny ýöredýän abzallar gurnalan. Şeýle hem onda ýolagçylar üçin sowadyjy enjam hem bar. Awtobusda JPS ulgamynyň we gurnalan wideokameralaryň kömegi bilen, wideogözegçilik arkaly ulagyň hereketine we sürüjiniň işine gözegçilik etmek üçin ornaşdyrylan häzirki zaman intellektual ulgamy bar.

Täze awtobusda ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar, mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin enjam hem-de ýol ugrunda haýsy duralgalara gelnendigini habar berýän enjam hem bar.

Ozal şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar beripdik.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler