JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen täze önümhanasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň işgärleri bar.

Täze önümçilik gurluşyk materiallaryna bolan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we goşmaça iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B. Annamämmedow bu täze senagat kärhanasynyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat beripdi.

Related posts

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar

Ata Watan Eserleri

Uluslararası Atavatan Türkmenistan” dergisi Türkmenistan basınında

vepa

Aşgabatdaky binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary