SIZDEN GELENLER

Halkara ähmiýetli forum

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açar. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty täze taryhy döwrümiziň halkara ähmiýetli möhüm wakalarynyň biri bolar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçiriljek bu döwletli maslahat syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açar.

Halkara maslahat özüniň ähmiýeti taýdan uly forumdyr. Şonuň üçinem oňa taýýarlygyň ýokary derejede bolmagy möhümdir. Bu maslahat Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini ýene bir gezek aýdyň ýüze çykarar. Türkmenistanyň parahatçylyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýedir. Bu belent mertebä ýurdumyz dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasat ugry, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge giňden açyklygy hem-de ygtybarlylygy bilen mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň netijesinde türkmen topragynda alnyp barylýan belent işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze derejelere göterilýär. Gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde ulag-üstaşyr geçelgeleri üstünlikli hereket edip, sebitleriň we yklymlaryň sazlaşykly hem-de netijeli gatnaşyklary has-da berkidilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ata Watanymyzyň halkara ulag geçelgeleriniň geografik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşmegi bolsa ulag ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmäge oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Belli bolşy ýaly, BMG tarapyndan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hökmünde hasaba alnan 32 sany döwletiň 16-sy Afrikada, 12-si Aziýada, 2-si Latyn Amerikasynda, 2-si bolsa Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen bu halkara maslahata gatnaşyjylaryň dünýäniň ähli yklymlaryna diýen ýaly wekilçilik edýändiklerini, şonuň bilen baglylykda, onuň ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine uly goşant goşjakdygyny görkezýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» kabul eden Kararynyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Onda bu halkara forumy, onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary derejede guramak göz öňünde tutulyp, bu babatda edilmeli işler anyk bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň şu Kararynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksadynda, guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda bellenilip geçilişi ýaly, forumyň dowamynda guralmagy göz öňünde tutulýan çäreler jemi 7 sany ugry öz içine almak bilen, utgaşykly işleýän toplumy emele getirer. Olaryň arasynda maslahatyň açylyş, ýapylyş çärelerini dabaraly ýagdaýda guramak, mejlisleriň, «tegelek stollaryň», söhbetdeşlikleriň, pikir alyşmalaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin oňaýly şertleri döretmek we beýlekiler bar. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hem-de guramagynda geçiriljek çäreler hem uly orun tutýar. Munuň özi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine uly ýardam berer.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolup, olaryň söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa babatlarda mümkinçilikleri has uludyr. Emma, bu foruma gatnaşyjy ýurtlarda bu ugurda käbir kynçylyklaryň gabat gelýändigi BMG-niň degişli edaralary tarapyndan hasaba alnyp, ýaňy hem belleýşimiz ýaly, her 10 ýyldan şeýle maslahat guralýar. Munuň özi şol ýurtlaryň hem dürli ugurlardaky ösüşlerden yzda galmazlyklaryny gazanmaga gönükdirilendir. Şu forumyň «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar astynda geçirilmegi-de şeýle asylly maksatdan gelip çykýar.

Elbetde, BMG-niň bu iri halkara forumynyň ýokary derejedäki maslahatlaryň, sammitleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen ata Watanymyzda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly baýramlaryna barylýan döwürde geçirilmeginiň uly manysy hem-de çäksiz ähmiýeti bar. Çünki onda orta atylýan meseleler diňe bir foruma gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň geljegine dahyllydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bu döwletleriň köpugurly ösüşinde möhüm ähmiýetli üstaşyr-ulag geçelgeleriniň mynasyp ornuny has içgin seljermäge ýardam eder. Şeýle-de bu ýurtlaryň ykdysadyýetini düzümleýin kämilleşdirmekde zerur bolan maýa goýum hem-de maliýeleşdirmek, tehnologiýalar we hyzmatlar babatda ählumumy mümkinçiliklerden peýdalanmak şertlerini aýdyňlaşdyrmaga itergi berer. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar babatda ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmakda tejribelerdir çözgütleri alyşmakda, şert-mümkinçilikleri ýüze çykarmakda, ulag ulgamynda halkara goldawy giňeltmekde, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Awazada geçirijlek forumyň mynasyp orny eýelejekdigini hem nygtap bolar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly 30 ýyllygy giňden dabaralanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň ynsanperwer maksatlaryny ýene bir ýola ýedi yklyma ýaýjak, dünýä bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýeti bilen taryha girjek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty mähriban Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini öňküden-de belende göterer.

Azat Ýagşyýew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory. 

Ýene-de okaň

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk