SIZDEN GELENLER

Üzüm dänesiniň peýdalary

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir.

Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de gan basyşyň peselmegine ýardam berýär.

Gan basyşy ýokary bolan 800 adamyň gatnaşmagynda, 16 sany ylmy-barlaglar geçirildi. Barlaga gatnaşyjylara her gün 100-den 2000 milligrama çenli üzüm dänesinden taýýarlanan ekstrakt berildi. Şonuň netijesinde, adamlaryň gan basyşy belli bir derejede peselipdir. Üzüm dänelerinden taýýarlanan ekstrakt süňkleriň çeýe bolmagy üçin hem örän peýdalydyr. Mundan başga-da, üzümiň dänesi kadaly iýlen halatynda böwregiň işini sazlaýar we ondaky çişmeleriň hem azalmagyna mümkinçilik döredýär. Bu ýagdaý adamyň bagry üçin hem degişlidir. Üzm dänesiniň ektrakty bagry  dürli zyýanly zatlardan goraýar.

 Raksana Metreýimowa

Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär

okuw mekdebiniň mugallymy.

24-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji