SPORT

Ukrainaly boksçy dünýäniň absolýut çempionlygy gaýdyp aldy

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik agyr agramda professional boksçylaryň arasynda dünýäniň absolýut çempionlygy gaýdyp aldy. Ol 12 tapgrydan ybarat bolan London şäherinde geçirilen boks tutluşygynda britan boksçy Daniel Dýubuanyň 5-nji tapgyrda nokaut bilen ýeňmegi başardy.

Bu boksçylar 2-nji gezek duşuşdylar. Olaryň arasynda 2023-nji ýylda geçirilen tutluşykda ukrain boksçy 9-njy tapgyrda ýeňipdi.

Nobatdaky ikinji duşuşyk hem ukrain boksçynyň işjeň hereketleri bilen başlady. Tutluşygyň 5-nji tapgyrynda ukrainaly boksçy britan garşydaşyny birnäçe dürs urgular bilen nokaut etmegi başardy.

38 ýaşyndaky Usik 5 gezek Bütindünýä Boks Assosiasiýasynyň (WBA) we Bütindünýä Boksa Guramasynyň (WBO) çempionly derejesini gorady. Şeýle hem ol 2 gezek Bütindünýä Boks Geňeşiniň (WBC) guşagyny aldy we Halkara Boks Federasiýasynyň (IBF) dünýä çempiony derejesini gazandy.

Ukrain türgen 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri agyr agramda 7-nji tutluşygyny geçirdi. Usik bu gezekki tutluşykda 132 million dollar gazandy.

Aleksandr Usigiň nobatdaky tutluşygyny 2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Taýson Fýuri bilen geçirmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri