DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günorta Sudan Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mondaý Semaýe Kumbanyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi barada pikir alyşdylar we Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Çadyň hem-de Burundiniň, şol bir wagtda Belarusyň we Moldowanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy