JEMGYÝET

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen  Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşlikde hanym Kaýa Kallas Türkmenistana Eýrandan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini döredendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen  Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň netijeliligi bellendi.

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen ÝB-niň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, taraplar syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, şeýle hem sebitara we halkara gyzyklanma bildirýän meseleleriň giň toparyna garadylar.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener