Futbol boýunça Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibleriň çempionaty bolan KONKAKAF Altyn Kubok ýaryşynda final duşuşygy geçirildi. Ýagny finalda ABŞ bilen Meksikanyň ýygyndylary duşuşdylar.
Ýarym finalda ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysyna Gwatemalanyň milli toparyny 2-1 hasabynda utupdy.
Meksikanyň ýygyndysy bolsa ýarym finalda Gondurasyň milli toparyny Raul Himenesiň 50-nji minutdaky goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.
ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirilen finalda Meksikanyň ýygyndysy ABŞ-nyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, bassyr 2-nji ýyl bu kubogy gazandy.
Ýeňiş gazanan toparda Raul Himenes we Edson Alwares tapawutlandy. Ýeňlen toparda Kris Riçards tapawutlanypdy.
Şeýlelikde, Meksika KONKAKAF Altyn Kubogyny 13-nji gezek gazandy we bu ugurda birinji orunda barýar. Kubogy iň köp gazanan ýygyndylaryň hatarynda ABŞ ikinji orunda barýar we 7 gezek bu kubogy gazandy.
KONKAKAF Altyn Kubogynyň nobatdakysy 2027-nji ýylda geçiriler.
