SPORT

Pol Pogba “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy

Doping düzgünlerini bozandygy üçin ilkibaşda 4 ýyl futboldan daşlaşdyrylan we soňra bu jerimesi azaldylan Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan Pol Pogba “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada fransuz toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Fransuz ýarygoragçy bilen 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy.

32 ýaşyndaky Pogba 2018-nji ýylda dünýä çempiony boly, 2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesidir. Ol futbol durmuşynda Italiýanyň “Ýuwentus” hem-de Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparlarynda çykyş etdi.

Ol italýan toparynda oýnan döwründe görkezen netijeli oýny bilen köp toparlaryň ünsüni çekdi. Bu topar bilen 4 gezek Italiýanyň çempiony boldy, 3 gezek Superkubogy we 2 gezek Kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy