SPORT

“Arkadag” topary ilkinji duşuşygyny 18-nji aprelde geçirer

14-nji aprelde  ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler. Üç aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň dokuzysy (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”, “Arkadag”) çykyş eder. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Futbol çempionatymyzyň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 14-nji apreli bilen 30-njy maýy aralygynda geçiriler. Ikinji, hem-de üçünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Şeýle-de, ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi hem geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Ahal” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ikinji, Mary şäheriniň “Merw” topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

1-nji aýlaw

 

I tapgyr:

Oýun 1. 14-nji aprel (an.) “Köpetdag” – “Şagadam”
Oýun 2. 15-nji aprel (şe.) “Altyn Asyr” – “Nebitçi”
Oýun 3. 15-nji aprel (şe.) “Merw” – “Aşgabat”
Oýun 4. 15-nji aprel (şe.) “Ahal” –  “Energetik”
Dynç güni – “Arkadag”

II tapgyr:

Oýun 5. 18-nji aprel (si.) “Nebitçi” – “Şagadam”
Oýun 6. 18-nji aprel (si.) “Energetik” – “Köpetdag”
Oýun 7. 18-nji aprel (si.) “Arkadag” – “Merw”
Oýun 8. 19-njy aprel (ça.) “Ahal” – “Altyn Asyr”
Dynç güni – “Aşgabat”   

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy