DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Samanta Kazebonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly gol çekilen resminamanyň Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda energiýa, suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygy, infrastruktura we şäher gurluşygy, arheologiýa, fransuz dilini öwretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, türkmenistanly ýaşlaryň Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini artdyrýandyklary, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyplara, umumybilim edaralarynyň birnäçesinde bilim alýan okuwçylara fransuz diliniň öwredilýändigi barada aýdyldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly