JEMGYÝET

Raşid Meredow bilen Marko Rubio arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara  meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler.

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň geljekki mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy makullandy

Ata Watan Eserleri

Gadyr gijesi haçan we Baýram namazy näçede okalýar?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary