SPORT

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň ozalky hüjümçisi Garet Beýl Uelsiň “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýändigini tassyklady.

Garet Beýliň ýolbaşçylygyndaky konsorsiumyň klubyň eýesine maliýe kepilligi bilen hat iberip, topary satyn almaga synanyşandygyny habar berildi.

“Kardiff Siti satyn almak isleýäris” -diýip bellän Beýl şeýle diýdi:

– Bu meniň dogduk şäherim, men ol ýerde ulaldym. Daýym bu toparyň düzüminde oýnady. Klub meniň üçin örän gymmatly. Ösüp barýan Kardiff şäheriniň bir bölegi bolmak we olary degişli bolan premýer-ligasyna eltmek isleýärin. Janköýerleriň nähili beýikdigini bilýärin. Bilelikde synanyşarys we geljekde has köp zat ederis diýip umyt edýäris.

35 ýaşyndaky Beýl 2023-nji ýylyň ýanwarynda professional futboly taşlady. Ol “Real Madrid” topary bilen 5 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. 3 gezek Ispaniýanyň çempony bolan Beýk Uelsiň milli ýygyndysynyň düzüminde 111 duşuşykda oýnady.

“Kardiff Siti” topary 2024-25-nji ýylyň möwsüminde Angliýanyň çempionatynyň 2-nji ligasynda, ýagny “Çempionşip” ligasynda 24-nji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri