PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu ýolagçylara meşhur türkmen şypahana künjegine syýahat etmek üçin has amatly wagta meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze gatnaw Aşgabatdan 06:30-da Halkara awtomenzilinden (A. Nyýazow şaýoly, 422) ugraýar, Awazadan bolsa 13:30-da («Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan) yzyna gaýdýar. Ozal awtobuslaryň gatnawy günde bir gezek amala aşyrylýardy.

Biletiň bahasy 75 manat bolar.

Habarlaşmak üçin:

Telefonlar: 44-35-30; 44-35-20

Saýt: www.auh.com.tm

Gatnawlaryň sanynyň köpelmegi şypahana zolagyna, esasanam, tomus möwsüminde dynç alyş ýerlerine islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýolagçylary gatnadyjy ilatymyzy we ýurdumyzyň myhmanlaryny häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän amatly awtobuslar bilen üpjün edýär.

Related posts

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

Terjime üçin “Makul Hyzmat” terjime merkezine ýüz tutuň!

Ata Watan Eserleri

Towukly makaron

Ata Watan Eserleri