DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň adalat ministri bilen duşuşdy

Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Adalat ministri, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň agzasy Keýsuke Suzukiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde kanunçylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýapon tarapy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hukuk ugrunda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Öz gezeginde, Ilçi Ýaponiýanyň Adalat ministri K.Suzukini Türkmenistana baryp görmäge hem-de 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatyna we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri