BIZNES

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler

Astanada geçirilen işewürlik forumynyň netijesi boýunça Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewro möçberinde 10 ähtnama baglaşdylar.

Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde bilelikdäki maýa goýum gaznasynyň döredilmegi, “Digital Supply Chain 4.0” platformasynyň ösdürilmegi, bilelikde töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyrylmagy we ESG boýunça ýol kartasynyň taýýarlanmagy göz öňünde tutulýar.

Resminamalaruň bir bölegi oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy nazarlaýar. Hususan-da, Gazagystandan Italiýa ekologiýa taýdan arassa önümleriň iberilişini artdyrmaga we bilelikdäki gaýtadan işleýän önümçilikleriň işe girizilmegine taýýar.

Bellenilip geçilýär, 2024-nji ýylyň jemlerine görä, Gazagystan bilen Italiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 19,9 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Related posts

Halkara bäsleşigiň möhleti uzadyldy

Ata Watan Eserleri

Erdoğan, Türkmenistan’ı ziyaret edecek

vepa

Napoleonyň başgaby 2,1 milliona satyldy