BIZNES

Amerikaly işewürler Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz satyn alýarlar

20-nji maýda birža söwdalarynda daşarky bazarda ABŞ döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden BND 60/90” kysymly ýol bitumyny we ýerli kärhanalardan Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 10 004 707,46 manada we 275 600,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Related posts

“Rosatom” Gyrgyzystanda ýel energetika taslamasyny durmuşa geçirer

Hytaý ABŞ-dan ozdurdy

«Türkmenawtoulaglary» agentligi: ýolagçylara 607 ugur boýunça hyzmat berilýär