BIZNES

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen elektrik energiýasynyň eksportuna gyzyklanma bildirýär

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyna bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd başlyklyk etdi.

Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giň gerimde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda energetika pudagynda, hususan-da, tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň Eýrana we bu ýurduň üsti bilen üçünji döwletlere ibermegiň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň elektrik energiýasyny Eýrana ibermegiň dowam etdirilýändigi bellenilip, “Geçen ýyl biz Eýrana 1.987 milliard kilowat-sagat elektrik toguny iberdik. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji 900 million kilowat-sagada deň boldy” – diýip, türkmen tarapy belledi.

Türkmenistanyň wekiliýeti elektrik energiýasyny Eýranyň üsti bilen beýleki döwletlere ibermäge gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Bu ugurda Türkiýe Respublikasy bilen degişli tejribe toplanyldy. 155 kilometrlik Mary-Maşat elektirk geçirijisi taslamasy durmuşa geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar