JEMGYÝET

“Altyn pökgi” baýragy 22-nji sentýabrda gowşurylar

2024-2025-nji möwsümiň iň güýçli futbolçysyna gowşurylýan “Altyn pökgi” baýragynyň gowşuryyş dabarasy 22-nji sentýabrda geçiriler. Fransiýanyň “France Football”žurnaly tarapyndan geçirilýän bu dabara Pariž şäherinde Şatle teatrynda guralar.

2024-nji ýylda bu baýraga Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ispan ýarym goragçysy Rodri mynasyp bolupdy.

“Altyn pökgi” baýragy “France Football” žurnalynyň ozalky baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan döredildi. Ol ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” toparynyň hüjümçisi Stenli Mettýuza gowşuryldy. Baýragyň ýeňijisi sport žurnalistleri tarapyndan kesgitlendi.

Bu baýraga iň köp argentin ýyldyzy Lionel Messi mynasyp boldy. Messi 8 gezek bu arzyly kubogy alan bolsa, onuň ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo bolsa 5 gezek bu baýragyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider