DÜNÝÄ

Tramp Rim Papasynyň ýas dabarasyna gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we onuň maşgalasy Melaniýa Tramp Rim Papasynyň ýas dabarasyna gatnaşar. Bu barada Doland Tramp özüniň “Truth Social” jemgyýetiçlik torunda habar berdi.

– Biz Melaniýa bilen Rim Papasy Fransiskiň ýas dabarasy üçin Rime bararys – diýip, belledi.

Italiýanyň metbugaty düýn aradan çykan Rim Rapasyny soňky ýoluna ugratmak dabarasyny şu hepdäniň ahyrynda boljakdygyny habar berdi.

Rim Papasy özüniň wesýetnamasynda Watikanda däl-de, Santa-Mariýa-Major rim ybadathanasynda jaýlanmagyny haýyş edipdir.

Related posts

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär

Azerbaýjanyň ilçisi wezipesine girişdi

Günorta Koreýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň netijelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri