MEDENIÝET

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär

Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan giň gerimli dabaralaryň başlanýandygynyň nyşany bolan bäsleşige paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky atçylyk toplumlarynda hem-de hususy atşynaslar tarapyndan seýislenýän naýbaşy bedewleriň 20-si gatnaşdyryldy.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ahalteke atlaryň halkara gözellik bäsleşigi behişdi bedewlerimiziň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Onuň baş maksady atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmekden, baý milli medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde ahalteke bedewlerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň açyk manežine gözellik bäsleşigine gatnaşdyrylan atlar ilki hiç hili bezegsiz görnüşde gezekli-gezegine çykaryldy. Eminler bedewleriň reňkine, beden gurluşyna, gylygyna, seýkin basyp ýöreýşine baha berdiler. Olara bedewleriň gelip çykyşy, tohum ugry bilen bagly maglumatlar hem berildi. Soňra bedewler milli atşynaslyk däplerine laýyklykda, şaý-sepler bilen bezelen görnüşde eminleriň öňünde, meýdançada öwrüm etdiler.

Gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyrynda görkezilen atlar owadanlygy bilen biri-birinden tapawutlandy. Köp sanly muşdaklar, eminler, atşynaslar we hormatly ýaşulular ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligini synlap, olara baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Eminler “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň jemini jemlediler. Oňa laýyklykda, jemi 10 bedew halkara bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşdyrylmak üçin saýlanyp alyndy.

Ýene-de okaň

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär

Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçiriler

Türkmenistan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy

Türkmen kinosy halkara Turan kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri