JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasynyň aradan çykandygy üçin gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Papa Fransiskiň dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda, dünýäde parahatçylygy, asudalygy we agzybirligi pugtalandyrmakdaky uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda katolik jemgyýetine ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Related posts

24-nji awgustdaky howa maglumaty

Ogulgerek Berdimuhamedowa Pekiniň muzeýlerine baryp gördi

Türkmen Türgenler 2 esse köp altyn medal gazandy

vepa