Rus dili – bu ýöne bir dil däl, bu köpasyrlyk taryhy, medeniýeti we belli şahsyýetleriň pähimini özünde jemleýän dilleriň biridir. Ol dünýäniň iri döwletleriniň, halklarynyň arasynda gatnaşyklary üpjün edýän diplomatiýanyň dilidir. Dünýäde ýüzlerçe million adamyň gündelik durmuşynda ulanýan rus dili häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň 6 sany resmi dilleriniň biri hökmünde halkara derejesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý onuň diňe bir giň ýaýranlygyny däl, eýsem, dünýä syýasatynda, diplomatiýasynda, ylmy gatnaşyklarynda we adam hukuklaryny goramak ulgamynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň möhüm sütüni – hoşniýetli hyzmatdaşlyk we medeni köpri gurmak ýörelgesidir. Şu nukdaýnazardan rus dili ýurdumyzda diňe bir daşary ýurt bilen gatnaşygy üpjün edýän gurallaryň biri bolman, eýsem, halklaryň arasynda özara hormaty, düşünişmegi, bilim hem-de ylmy gatnaşyklary ösdürýän gurallaryň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistan bilime uly ähmiýet berýär, şol sanda rus dilini hem öwrenmek bilim ulgamynda giň orun eýeleýär. Bilimler ýurdumyza açylan ýol bolsa, rus dili şol ýol bilen dünýäniň täze menzillerine alyp barýan serişdeleriň biri bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynda rus diliniň okadylyşyna döwrebap usulyýetli çemeleşmeler ornaşdyrylýar. Rus dili okadylyş usulyýeti häzirki zaman pedagogik ylmyň gazananlaryna esaslanýar. Diňe grammatikany we sözlük baýlygyny öwretmek bilen çäklenmän, dil bilen pikirlenmegi, giňişleýin geplemegi, ýazmagy, diňlemegi we öz pikiriňi beýan etmegi öwretmäge gönükdirilýär. Okuwçynyň merkezi orunda goýulýan interaktiw usullar — dialoglar, sahnalaşdyrylan ýagdaýlar, multimedia serişdeleri, edebi we döredijilik taslamalary okuwy gyzykly, täsirli we netijeli edýär.
Usulyýet nukdaýnazardan, mugallymyň orny diňe bilim beriji bolman, eýsem, ruhlandyryjy, goldaýjy we döredijilikli guramaçylykda jemlenýär. Şeýle çemeleşme ýaşlaryň diňe bir dil endiklerini ösdürmek bilen çäklenmän, olaryň düşünje ukybyny hem artdyrýar. Rus dilinde berilýän sapaklar köp halatda milletara gepleşikleriň mekdebine öwrülýär. Okyýjy diňe bir başga dilde gürrüň etmegi däl-de, başga halklar bilen ynanyşmagy, düşünmegini hem öwrenýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, döwlet dili hökmünde türkmen dili doly üpjün edilýär. Emma şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynda daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary ýetişdirmek üçin şert döretmek hem halkara düşünişmegiň, ynanyşmagyň, medeni dialogyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Bu – türkmen halkynyň beýik ruhy giňliginiň, başga medeniýetlere, dilleriň gözelligine we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýýan belent hormatynyň nyşanydyr. Muňa «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem subutnama hökmünde çykyş edýär.
Şonuň üçin rus dili – bu diňe bir daşary ýurt dili däl. Ol ruhy baýlygyň, halkara gatnaşyklarynyň, bilim we ösüş ýolunyň dili-diýsek hem ýalňyşmarys. Türkmenistanda rus diline bolan garaýyş ýokary, çuňňur we açykdyr. Ol ýaş nesliň dünýä bilen baglanyşygynyň, bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň giňelmeginiň bir sütüni hökmünde ösdürilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli dillerde okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýazgül Orazberdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
rus dili we edebiýaty mugallymy.