DÜNÝÄ

“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi resmi taýdan açyldy

Ýaponiýanyň Osaka prefekturasynda “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi ýurduň Imperatory Naruhitonyň hem-de Imperator maşgalasy Masakonyň, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden 1300 ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Sergi dünýä jemgyýetçiligine 13-nji aprelde ýerli sagat bilen 09:00-da gapylaryny giňden açar we bu sergi 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeri Isiba dabarada çykyş edip, öz ýurdunda geçirilýän bütindünýä sergisiniň ähmiýetini belledi.

Imperator Naruhito 10 ýaşynda wagty, ýagny 1970-nji ýylda Osakada bütindünýä “EKSPO” sergisiniň geçirilendigini ýatlap, “Men şol döwrüň täzeçil tehnologiýalaryny görüp, haýran galypdym” diýip belledi. Ol bu sergi bilen dünýä döwletleri hem-de halklary bilen tanyşmak üçin oňat mümkinçilik boljakdygyny belledi.

Mirasdüşer şazada Fumihito ýörite enjam sag elini goýup, dabaranyň başlanýandygyna yşarat berdi.

Bu sergä 158 döwlet gatnaşýar we bu rekord görkeziji bolup durýar, sergä tomaşa etmek üçin 28.2 million adamyň gelmegine garaşylýar.

Ýörite adada emele gelen sergi meýdançasynyň gurluşygy üçin 235 milliard ýen (1.6 milliard dollar) möçberinde serişde gönükdirildi.

 

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýar

Ýene-de okaň

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistan “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Türkmenistan-ABŞ: migrasiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Eýranyň Prezidenti Azerbaýjanda saparda bolar

Tramp Italiýa sapar üçin çakylygy kabul etdi

Saud Arabystanynyň täze ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi