MEDENIÝET

«Italiýada öndürilen» atly bilelikdäki moda görkezilişi geçirildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet we sungat ulgamynda dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da berkeýär.

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 7-sine Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Italiýada öndürilen” atly türkmen-italýan bilelikdäki moda görkezilişiniň dabarasy boldy.

Häzirki zaman lybaslaryň görkeziliş dabarasy sungatyň özboluşly beýanydyr. Dabarada çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyby, dizaýner Jennet Agaýewanyň döreden ajaýyp egin-eşik ýygyndysynyň görkezilişinde milli öwüşginlere beslenen döwrebap häsiýetli lybaslary uly orun aldy.

Bu moda görkezilişigi, türkmen we italýan modelýer ussatlarynyň döredijilikli äleminiň döwrebap nusgasy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Related posts

Türkmenistan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy

Gazagystanda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

Türkmen sungat ussatlary Ankarada konsert berdi